basgançak

basgançak
1) Aýak basyp ýokary çykmak we aşak düşmek maksady bilen daşdan ýa-da agaçdan keseligine goýlup ýasalan gurluş, merdiwan.
∙ Men basgançakdan tiz-tiz ýokary çykdym-da, otaga girdim.
∙ Şol mahal arka ýüzdäki tamlaryň biriniň agaç basgançagyndan düşüp, özüne bakan ugran gara göz gyz, şol gospitalyň naçalniginiň edarasynda gören gyzydy. (A. Gowşudow, Mähri- Wepa)
∙ Şu jaýyň sag gapdalyndaky sarymtyl ýylmanak daşdan örülen ajaýyp basgançaklardan ýöräp ýokary çykdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
2) Bir zadyň ösüş, orun tutuş ýa-da guramaçylyk derejesi.
∙ Emma munuň özi okuwçylaryň ylma bolan höwesini ösdürmegiň we terbiýelemegiň diňe birinji basgançagydyr. (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbirýew, Pedagogika)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem basgançak - basgançagy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем сделать НИР

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»